Gizlinlik syýasaty

Döwlet hyzmatlar portaly mundan beýläk “Portal” müşderileri baradaky maglumatlaryň gizlinligini üpjün edýär.

Portaldaky hyzmatlardan peýdalanmak üçin girizýän maglumatlaryň web sahypamyz arkaly goralýar.

Şahsy maglumatlaryňyzy hiç haçan 3nji taraplar bilen paýlaşylmaýar. Bu meseleler bilen baglanşykly hukuklaryňyz goralýar.

Maglumatlary rugsatsyz girizmekden, üýtgetmekden, aýan etmekden ýa-da ýok etmekden goramak üçin degişli çäreler ýola goýulan. Bu maglumatlary ýygnamak, saklamak we gaýtadan işlemek amallary we howpsuzlyk çäreleri, şeýle hem şahsy maglumatlary saklaýan ulgamlarymyza birugsat girilmeginiň öňüni almak üçin fiziki gorag çärelerini hem öz içine alýar.

e.gov.tm web sahypasynda hyzmatlardan peýdalanaňyzda şahsy maglumatlaryňyzyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin maglumatlaryňyzy ygtybarly geçirmek üçin 128 bitli şifrlemek tehnologiýasy bolan SSL (Secure Sockets Layer) protokoly ulanylýar. Bu baglanyşyk, şahsy maglumatlaryňyzyň hemmesini, şol sanda kart belgiňizi, internet arkaly iberilende okalmaz ýaly şifrleýär.

Internet brauzeriňiz SSL-i goldamaýan bolsa, amallaryňyzyň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak üçin häzirki brauzer wersiýaňyzy iň soňky wersiýasyna täzelemegiňizi maslahat berýäris, ýogsam şahsy maglumatlaryňyzyň geçirilmegi ýeterlik derejede howpsuz bolup bilmez.

Şahsy maglumatlaryňyzy goramak bilen baglanyşykly soraglar ýa-da talaplar “Türkmentelekom EAK” tarapyndan e.gov.tm@sanly.tm adresine iberip bilersiňiz. Size mümkin boldugyça gysga wagtda jogap bereris.

48-00-65